Halk Maslahatynyň Başlygy Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy

24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynda häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurlan we döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Täze bölüm bilen tanyşlygyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy onuň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary we bu işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Kärhananyň hünärmeni öz hoşallygyny beýan edip, täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümde işlejek hünärmenler dünýäniň ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň täze hasyl kabul edilýän bölümine hem bardy. Bu ýerde ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory D.Babaýew önümçilik toplumyna gelip gowuşýan gallanyň hili barada gürrüň berip, ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti we pudagyň ylmy esasda ösdürilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Gahryman Arkadag şeýle hem kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň ýzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Gahryman Arkadag Ruhabat galla önümçilik toplumynyň doly kuwwatynda işleýän un gaplanýan bölüminde işleriň guralyşy hem-de işçiler üçin döredilen şertler bilen hem gyzyklandy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň taýýar önümler saklanýan ammaryna bardy.

Önümçilik toplumynyň çäginde galla önümleriniň dürli görnüşleriniň, tohumlyk dänäniň, täze hasyldan taýýarlanan unuň, çörek we çörek önümleriniň sergisi hem guraldy. «Dünýäniň päkligini, rysgal-berekedini özünde jemleýän mukaddes unda aýratyn ýakym bar» diýip, Gahryman Arkadag belledi we kärhananyň işgärlerine işlerinde üstünlik arzuw etdi.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem