Türkmen-wýetnam gatnaşyklaryny dürli ugurlarda ösdürmek barada pikir alşyldy

Ýakynda Hanoýda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ilçi söhbetdeşligiň başynda Wýetnamyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Wýetnamyň arasynda dürli ugurlar boýunça dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Duşuşykda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-wýetnam gatnaşyklarynyň gün tertibinde özara pikir alyşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem