22-27-nji iyun aralygynda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi-2024 geçiriler.
Bu ýyl bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.
Köp sanly daşary ýurtly myhmanlar häzirki zaman şäherinde ornaşdyrylan maglumat tehnologiýalaryna we şäher düzümlerine ýokary baha berdiler. Bu ýerde uly göwrümli medeni çäreler, şol sanda Wena baly we “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwaly geçirildi.
Medeniýet hepdeliginde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Kompozitor” çeper filmi, häzirki wagtda taýýarlanylýan “Älem nury” spektaklynyň ilkinji görkezilişi we başgada birnäçe gyzykly çykyşlar görkeziler.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tomaşaçylary sahnalaşdyrylan “Göroglynyň döreýşi” tomaşasy bilen begendirer.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şygryýet agşamlary guralar we şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanylar.
Şeýle hem Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde we Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda sergiler hem-de döredijilik duşuşyklary geçiriler.
27-nji iyunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magtymguly pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçiriler.
Türkmenistanyň dürli künjeklerinde sungat we medeniýet işgärleri ýeten döredijilik sepgitlerini hem-de üstünliklerini görkezýärler. Geçen ýyl Medeniýet hepdeligi Aşgabat şäherinde geçirilipdi.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»