Katar Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Katar Döwleti Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy.  

Toparyň ilkinji ministrler duşuşygy 2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirildi.

2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda BMG-a agza döwletleriň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça dostlar toparyny döretmek we onuň wezipeleri boýunça maslahat geçirdi. Şol wagt bu topara 11 döwletiň goşulýandygy hasaba alnypdy.

Bu topar, BMG-ä agza döwletleriň resmi däl birleşmesi bolup, durnukly ulag ulgamynyň ähmiýetine düşünmekligi, dünýä, sebit we milli derejede bu ugurdaky pikirleri hem-de öňdebaryjy tejribäni paýlaşmagy maksat edinýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu topar durnukly ykdysady ösüş goldamak maksady bilen, durnukly ulag ulgamlarynyň ygtybarly, howpsuz we elýeter bolmagyny gazazmak ugrunda hereket edýän meýdança öwrüldi.

Häzirki wagtda 20-ä döwlet we bir sany halkara gurama resmi taýdan bu topara goşuldy.


Çeşme: Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem