Türkmenistan we Wengriýa köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anykladylar

2024-nji ýylyň 18-19-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Budapeşt şäherine amala aşyran  saparynyň dowamynda, türkmen-wenger ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen wenger tarapy bilen birnäçe geňeşmeler hem-de halkara guramalaryň wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, senagat we farmasewtika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça meselelere garaldy.

Aýratyn hem, bilim we medeniýet ugurlarynda bilelikdäki meýilnamalary taýýarlamak hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň wajypdygyny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow FAO-nyň azyk howpsuzlygy bilen howanyň üýtgemegi meseleleriniň wekili we wenger parlamentiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy. Duşuşygyň ahyrynda 2023-nji ýylda iki döwletiň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem