Türkmenistan «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.


Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.


Bellenilişi ýaly, şu resminamada kesgitlenen çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriler. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.


Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara çärelere, sergilere, maslahatlara işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçiriljek «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bu iri möçberli serginiň söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem