Türkmenistanda 16-17-18-nji iýunynda Gurban baýramy belleniler

Türkmenistanyň Prezidenti 14-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet Baştutany Gurban baýramyny bellemek bilen bagly resminama gol çekdi. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu ýylyň 16-17-18-nji iýunynda Gurban baýramy belleniler. Şeýle-de, resminama laýyklykda, şu ýylyň 16-njy iýunyndaky dynç gününi 19-njy iýuna — çarşenbe gününe geçirmek bellenildi.


Habar berlişi ýaly, şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek tabşyryldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem