Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Aşgabatdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we belent mertebeli myhman öz maşgalalary bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň Baştutany bilen duşuşygy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasyna dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar hem-de bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.

Prezident Ýun Sok Ýol bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, 10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeliligi nygtaldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda alyp barmagy maksat edinýändiklerini tassyklaýan resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Dostlukly ýurduň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasynyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar we Aşgabatda gazanylan ylalaşyklar geljegi nazara almak bilen, bilelikdäki üstünlikli işiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ençeme ýyllaryň dowamynda dünýä belli koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz hem-de ulag ulgamlarynda üstünlikli işleýändiklerini, giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi. Şolaryň hatarynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň hem-de iri “Galkynyş” käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny görkezmek bolar.

Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, diňe bir onuň gazylyp alnyşyny artdyrmak hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinmek bilen çäklenmän, bu çig maly gaýtadan işlemegiň möçberini köpeltmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini, şol sanda ösen gazhimiýa pudagyny kemala getirmegi hem ugur edinýär. Munuň özi koreý, umuman, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary, ekologik taýdan arassa ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly bilelikdäki täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar.

Ulag ulgamy barada aýdylanda, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeltmek strategiýasyny öňe sürdi. Şunda Gündogar — Günbatar hem-de Günorta — Demirgazyk ugurlary boýunça Aziýany we Ýewropany birleşdirýän yklymara ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ulag ulgamynda awtomobil tehnikalaryny ibermek babatda uly tejribe toplandyklaryny aýtdy. “Hyundai” kompaniýasy bu ugurda biziň Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.

Prezident Ýun Sok Ýol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň bu babatda garaýyşlarynyň hem-de eýeleýän orunlarynyň meňzeşdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny goldap, olaryň örän möhümdigini nygtady.

“Koreýa Respublikasy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge çalyşýar hem-de şu maksatlar üçin öz baý tejribesini, tehnologik mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardyr” diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýokarda agzalyp geçilen pudaklar bilen bir hatarda, koreý işewür toparlary, beýleki ulgamlarda, şol sanda şäher gurluşygynda hyzmatdaşlyga hem uly gyzyklanma bildirýärler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Ýakyn geljekde bolsa ýene-de bir ägirt uly taslamany — “Aşgabat-sitini” durmuşa geçirmäge girişmek meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi özara bähbitli ýakyn işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin şertleri döredýär. Innowasiýalar, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, medeni-ynsanperwer ulgam, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine hem-de ähli bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem