Türkmen halkynyň Milli Lideri «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy

11-nji iýunda  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýändigi bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz işewüri paýtagtymyzda kabul etmäge örän şatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda yzygiderli ösdürilýär we pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky gatnaşyklary giňeltmekde Malaýziýanyň kompaniýalarynyň goşýan mynasyp goşandy nygtaldy.

Ýangyç-energetika toplumy Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugrudyr. Biz Türkmenistanyň hem-de “PETRONAS” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ýokary baha berýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri we işewürlik üçin döredilýän amatly şertleri göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň “PETRONAS” kompaniýasy bilen nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, ýurdumyzyň ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem