Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji iýunda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösüşiniň hem-de kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ak mermerli Aşgabatda bolmaga hemişe şatdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz iri türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, “Rönesans Holdingiň” türkmen bazaryndaky köpýyllyk netijeli işini belledi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Onuň durmuşa geçiren taslamalary halkara hil standartlaryna doly laýyk gelýär.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada düýpli pikir alşyldy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň täze mümkinçilikleri kesgitlenildi. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklar netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň anyk mysaly bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri muňa biziň halklarymyzyň taryhy medeniýetiniň hem-de dilimiziň umumylygynyň gönüden-göni ýardam edýändigini belledi.

Biz Türkmenistanda iri halkara kompaniýalar bilen uzak möhletleýin täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Şunda deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň nebitgaz pudagynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkiýeli hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen täze iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem