Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde iki ýurduň DIM-leriniň arasynda türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew, yrak tarapyna Yragyň daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum ýolbaşçylyk etdi.
5-nji iýunda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny göz öňünde tutup, Türkmen-yrak parlamentar dostluk toparyny döretmek teklibi öňe sürüldi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň we Yragyň halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Iki döwletiň öňe süren başlangyçlarynyň we teklipleriniň özara goldawa eýe bolmagy muny aýdyň subut edýär.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapy şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňişleýin bellinilýändigini nygtap, Yragyň ýolbaşçylygyny şu ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitine çagyrdy.
Mundan başga-da, söwda-ykdysady ugur döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Yragyň özara söwdany, maýa goýumlaryny artdyrmakda we ulag, energetika, suw hojalygy ýaly dürli pudaklarda özara peýdaly taslamalary durmuşa geçirmekde uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, ylym, bilim we syýahatçylyk ugurlarynda bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirildi.