Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ÝUNISEF-iň we «Türkmenhowaýollarynyň» guramagynda çagalaryň awiasiýa pudagy bilen tanyşlygy guraldy. «Döwletliler köşgünde» bilim alýan ýetginjekler awiasiýa pudagy we bu özüne çekiji ugurda dürli hünärler bilen tanyşdylar. Bu başlangyç ÝUNISEF-iň Bilim ministrligi bilen çagalary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) hünärleri bilen tanyşdyrmak üçin alyp barýan hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.
Çäräniň çäginde ýetginjekler paýtagtyň howa menziliniň terminalyna we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebine baryp gördüler, ol ýerde çagalar Türkmenistanda raýat awiasiýasynyň taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Gyzlar we oglanlar uçara baryp gördüler, perrony synladylar, uçuş-gonuş zolagyny gözden geçirdiler, halas ediş hem ýangyn gullugyna baryp, howa menziliniň we gyssagly kömek hyzmatlarynyň dürli taraplary barada giňişleýin düşünje aldylar.
Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde bolmaklarynyň çäginde ýetginjekler dürli okuw enjamlaryny, şol sanda simulýatorlary — uçar simulýatorlaryny gyssagly gonuş wagtynda ulanmagy we beýlekileri synap görmäge mümkinçilik aldylar.