Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary gowşuryldy

Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Maslahata ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de gündogar sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze gelip gowşan enjamlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürildi.
Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.
Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýatyň çagalarynyň 50-ä golaýynda dürli kesel kesgitlemeleri bilen çylşyrymly operasiýalar üstünlikli geçirildi. Şeýle hem çagalaryň birnäçesi lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri welaýatda hut şu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan «Tiz kömek» ulaglary çagalaryň saglygyny goramak ýaly sogaply işe hyzmat edýärler. Welaýat köpugurly hassahanasynda ornaşdyrylan täze enjam bu sahawatly işleriň dowamydyr. Indi bu saglyk merkezinde şeýle maksatly döwrebap enjamlaryň sany 19-a ýetdi. Ýeri gelende aýtsak, Kerki we Dänew etrap hassahanalarynda hem gemodializ enjamlarynyň 8-si bar.
Maslahata haýyr-sahawat gaznasynyň sahawaty netijesinde çagalary hemişelik saglygyna gowşan ata-eneleriň hem birnäçesi gatnaşdy. Olar bu sahawatyň ykballara we ýüreklere bagyşlaýan bagtyýarlygy barada tolgundyryjy sözler bilen gürrüň berdiler.

 

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem