Türkmenistan ekologiýa we energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

29-njy maýda Rimde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki daşary işler ministrleri derejesindäki maslahat geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Italiýanyň daşary syýasat bölümleriniň ýolbaşçylary, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, maslahatda, hususan-da, sebitleýin we ählumumy durnuklylygy saklamak, howpsuzlygy pugtalandyrmak meselesinde halkara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow öz çykyşynda sebit howpsuzlygy, ekologiýa, ulag, suw baýlyklaryny dolandyrmak, energetika meselelerine aýratyn üns berip, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegiň täsirli guraly hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdi.

Forumyň çäginde aýratyn ugurlar boýunça üç sany kiçi mejlis hem geçirildi.

 Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem