Türkmenistanda Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu resminamanyň esasy wezipeleri ýurdumyzda kosmos pudagy babatda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etdirmekden we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, “TürkmenÄlem52oE” milli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

 

Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»

Şeýle hem