Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem