Aşgabatda GDA-nyň halkara ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we ösdürmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy

24-nji maýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza ýurtlaryň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we infrastrukturany işjeňleşdirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasy tassyklandy.

Energetika, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu ugurlardaky bar bolan ägirt uly kuwwaty has oňaýly herekete getirmek boýunça başlangyçlarynyň möhümdigi äşgärdir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dünýä giňişliginde işjeň öňe sürýän energetika we ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti hem artýar. Türkmenistan ulag ulgamynda Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgelerini ösdürmek, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Kuwwatly serişde binýady, çäk we üstaşyr taýdan amatly ýerleşmegiň artykmaçlyklary sebit hem-de halkara derejeli giň möçberli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de ýurdumyz energetika pudagynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi berk maksat edinýär. Şunda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň açyk we aýdyň ýörelgeler, birek-birege hormat goýmak, bähbitleri nazara almak, gazanylan ylalaşyklary berk berjaý etmek arkaly ýola goýulmalydygyndan ugur alýar.

Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem