Portugaliýa Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

22-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Portugaliýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Pedro Motinýo de Almeýdanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Portugaliýanyň köptaraplaýynlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezmek bilen, dürli halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Taraplaryň pikirine görä, şeýle hyzmatdaşlyk halkara giňişliginde tagallalary jebisleşdirmegiň we köpçülikleýin jogapkärçiligiň möhümdigini beýan etmek bilen, ählumumy meseleleri köptaraplaýyn gurallar arkaly çözmäge umumy çemeleşmäni görkezýär.

Bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem