Brýusselde Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri boýunça maslahat geçirildi

Belgiýanyň Brýussel şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) “Global Gateway” başlangyjynyň mümkinçilikleri we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Çärä Ýewropa Komissiýasynyň, ÝB-niň ulag meseleleri boýunça baş müdirliginiň, Ýewropanyň daşarky hereket gullugynyň we ÝB-niň beýleki guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ulag we logistika kompaniýalary ulgamyndaky dürli barlag guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

“Tegelek stol” maslahatyna gatnaşyjylar ÝB-niň “Global Gateway” başlangyjyny we Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşyklarynyň durnukly ösmegi üçin ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şeýle-de bu ulag geçelgäniň esasan hem beýleki ugurlaryň durnuksyzlygy sebäpli sebitdäki söwdanyň durnuklylygyna we ösmegine ep-esli goşant goşup biljekdigi bellenildi.

Şeýle hem taraplar Ýewropa Komissiýasynyň we Ýewropa Parlamentiniň täze düzüminiň Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň mundan beýläk-de ösdürilmeginde we ösmeginde möhüm orny eýelejekdigi bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine ýurduň ygrarlydygyny tassyklady.

Ilçi Sapar Palwanow ulag geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlara we forumlara Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny, Brýusselde geçirilen maýadarlar forumynda ýurduň öz taslamalaryny hödürländigini we halkara maýadarlaryň hem-de logistika kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekendigini aýtdy.

Hazarüsti halkara ulag geçelgesi Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň suwlarynyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Ýewropa hem-de Aziýa ýurtlaryny özara baglanyşdyrýar. Bu ulag ugry demir we deňiz ýollary arkaly konteýner ýükleriniň daşalmagynda peýdalanylýar.

Şeýle hem