Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew
Hökümetiň 10-njy maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň demir ýol
ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak,
elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak
boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň
bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir
ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen
duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi.
Bellenilişi
ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw
Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german
işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna
Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli
hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.