Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçiriler

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem