Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

10-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” hem-de ýurdumyzyň goşulyşan halkara şertnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Sanitariýa kodeksine, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Tohumçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. Parlamentara gatnaşyklary hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin görülýän çäreler barada-da habar berildi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly dürli çärelere gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyzy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşe geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021— 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak, olaryň elýeterliligini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi. Hususan-da, wise-premýer Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginde hem-de Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynda binýatlar ulgamyny döretmegiň we ornaşdyrmagyň tehniki şertleriniňdir tehniki ýumşuň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Pensiýa gaznasynyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işde sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, olaryň mümkinçiliginden doly peýdalanmagyň möhüm ähmiýetini belledi hem-de wise-premýere bu ulgamda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki önümçilik kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Toplumyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär. Bugdaý meýdanlarynda-da degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, galla kabul ediş kärhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda pile öndürmek möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekilen ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, ideg etmek işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigine, galla oragyna häzirden başlap gowy taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin paýtagtymyzyň binalarynyň daş-töwereginde, seýilgählerde we bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de onuň esasy köçelerinde baýramçylyk mahabatlary, şygarlardyr nyşanlar ýerleşdirilýär. Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň sütünleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşyk we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri doly tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkara derejede bellenilýän bu şanly sene bilen bagly paýtagtymyzda bezeg işlerini geçirmek, abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň 15 — 17-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Sergä azyk we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaplamak, saklamak, gaýtadan işlemek boýunça ýöriteleşen kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar tehnologik enjamlary, gaplama, önümçilik serişdelerini we beýlekileri görkezerler. Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň, önümleriň tanyşdyrylyşlary guralar, tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk önümçiligini pugtalandyrmagyň, içerki bazarda ýokary hilli azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda geçiriljek halkara serginiň täze tehnologiýalar, döwrebap enjamlar we önümler bilen tanyşmakda, öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, wise-premýere onuň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Meýilleşdirilen dabarany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi. Çäräniň çäklerinde edebi-çeper kompozisiýalaryň görkezilişini hem-de teatr artistleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň dürli çykyşlaryny, ýadygärlige gül goýmak çäresini, yşyklaryň we dronlaryň üsti bilen şekilleriň görkezilişini, baýramçylyk feýerwerkini guramak göz öňünde tutulýar. Dabara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahata hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata gatnaşjak daşary ýurtly myhmanlaryň, TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň wekilleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede birnäçe dabaraly çäreleriň, maslahatlaryň geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz 17-nji maýda türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, wise-premýere dabarany hem-de halkara çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek halkara ylmy maslahatlara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 12-13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraljak halkara ylmy maslahatyň çäklerinde ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Hususan-da, 8-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty, 12-nji iýunda bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ylymlar güni mynasybetli guraljak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» hem-de «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegini tabşyrdy. Şeýle hem wise-premýere Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde ylmyň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, şol sanda biologiýa ylmynyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzülişini çaltlandyrmak bu Maksatnamanyň esasy maksadydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 14-nji maýynda “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Forumyň mowzuklaýyn mejlislerinde ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we “ýaşyl” energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan bu ugurda amala aşyryljak täze taslamalar bilen tanyşdyrmak boýunça metbugat maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde “2024 — 2028-nji ýyllarda howanyň üýtgemegine garşy gönükdirilen çäreler we syýasy dialog” atly taslamany amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şol gün DIM-niň binasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzda alyp barýan işleri baradaky sergini guramak meýilleşdirilýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bu halkara ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanylyp, häzirki wagtda Jemleýji resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Bu resminamada mejlisiň netijeleri öz beýanyny tapar.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasy» işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady we ýurdumyzyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edýän tagallalarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýandygyny belläp, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan bildirilýän talaplara laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu halkara okuwlaryň ýola goýulmagy bilen, diňe türkmen hünärmenlerini däl, eýsem, daşary ýurtly hünärmenleri-de taýýarlamaga mümkinçilik dörediler. Munuň özi bu mekdebiň halkara standartlara laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halkara guramalar bilen ýola goýulýan gatnaşyklary berkitmegiň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini belledi hem-de Halkara raýat awiasiýasy guramasy we Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy tarapyndan okuwlary guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, elektrikleşdirmek, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri hem-de beýleki çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, logistika, demir ýollary döwrebaplaşdyrmak ulgamynda ýöriteleşen öňdebaryjy kompaniýalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-german işewürlik maslahatyndaky çykyşynda “Deutsche Bahn Holding” kompaniýasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygyny belläp, agentligiň ýolbaşçysyna Germaniýanyň degişli kompaniýasy bilen demir ýollar pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem