Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Penjap welaýatynyň premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow, Lahorda Penjap welaýatynyň premýer-ministri Merýam Nawaz Şerif bilen duşuşdy. Duşuşykda Penjap bilen Türkmenistanyň arasynda maýa goýumlaryny we söwdany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Marýam Nawaz Penjap welaýatynda energiýa, senagat, maldarçylyk we oba hojalygy üçin ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Atajan Möwlamow söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we Pakistana maýa goýumlaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Çeşme:Türkmenistan halkara portaly 

Şeýle hem