Iki sany türkmen ýük gämisiniň gurluşygy meýilleşdirilýär

“Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody we Günorta Koreýanyň “Koryo” gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasy şu ýylyň iýul aýynda iki sany uly gatnaw kärhanasynyň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýärler.

Resmi türkmen habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, kärhanalar 6 müň 100 tonna kuwwatly iki gury ýük gämisini taslamak we bilelikde gurmak üçin degişli şertnamalar baglaşdy. Häzirki wagtda täze gämileriň gurluşygyna taýýarlyk görülýär.

Habarda bellenip geçilişi ýaly, gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi işlär.

Ýakynda koreý hünärmenleri gurluşyk meýilnamalaşdyryş, tehnologiýany durmuşa geçirmek, gämi bölekleriniň dizaýny, kebşirlemek, elektrik işi we hil gözegçiligi boýunça iki aýlyk ýöriteleşdirilen okuw kurslaryny geçirdiler.

2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Balkan gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary Koryo gämi gurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem