Arkadag şäherine täze häkim bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gülşat Sahyýewna Mämmedowa Arkadag şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi.

G.Mämmedowa mundan ozal Arkadag şäheriniň häkimliginiň Umumy bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýärdi.

Şäheriň ozalky häkimi Şamuhammet Durdylyýew saglyk ýagdaýy sebäpli eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem