Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi Seuldaky Yoňsan etrabynyň häkimi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi Seuldaky Yoňsan etrabynyň häkimi bilen duşuşdy2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Seul şäheriniň Ýoňsan etrabynyň häkimi Pak Hi Ýoň bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan wezipelerini ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda gatnaşyklaryň giňeldilmegine ygrarlylyk bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda, şol sanda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän giň gerimli çäreleriň ähmiýetine üns çekildi.

Şeýle hem