25-26-njy aprelde Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ulag boýunça utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gündogar-Günbatar Hazarüsti halkara geçelgesi boýunça ulag-üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek, ýük daşamalary amallaryny sanlylaşdyrmak, multimodal arabaglanyşygy oňaýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ORIENT habar berýär.
Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Batyr Annaýew gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Ýewraziýa üstaşyr ýük daşamalary ulgamyny döretmekde ýurdumyzyň çäk taýdan artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynda durmuşa geçirilý än özgertmelere ünsi çekdi.
Bu port Gündogar-Günbatar ulag geçelgesiniň bir bölegi bolmak bilen, Merkezi Aziýanyň üstaşyr ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Ol ýylda 17 mln tonna ýük geçirijilik mümkinçiligine eýe bolup, sebitde zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerini işlemäge ukyplydyr. Ýük daşamalary Türkmenbaşy – Hazarýaka döwletleriň portlary ugry boýunça yzygiderli amala aşyrylýar.
Şeýle hem duşuşykda 2018-nji ýylda döredilen “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüli paýdarlar jemgyýetriniň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Merkez Hytaýyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we beýleki döwletleriň hususy kärhanalary hem-de hojlayk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlyk edip, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we amatly logistika çözgütlerini işläp taýýarlamak ýaly wezipleri ýerine ýetirýär.