16-20-njy aprelde «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkiýe Respublikasy medeniýet boýunça geňeşi (Türkiye Cumhuriyeti Kültür Müşavirligi) bilen bilelikde awiakompaniýanyň Türkmenistandaky agentlikleriniň wekilleri üçin Türkiýä medeni-tanyşdyrylyş syýasatyny guradylar.
Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Şanlyurfa we Gaziantep taryhy şäherlerinde boldular we bu ýerleriň binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşdylar.
Syýahat Şanlyurfa şäherinden 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Göbeklitepe ybadathana toplumyna baryp görmekden başlandy.
Megalit konstruksiýalaryň iň gadymylarynyň biri bolan bu äpet desga 12 müň ýyl mundan ozal gurlupdyr. Bu toplumyň gurluşygynyň bu ýerlerde tebigy sementiň we betonyň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin diýip çaklanylýar.
Şeýle hem «Turkish Airlines» kompaniýasynyň Türkmenistanyň agentlikleriniň wekilleri Şanlyurfadaky arheologik muzeýe, gadymy Harran Halfeti we Zeugma gadymy şäherlerine, “Balyklygöl” kölüne baryp gördüler, muzeýiň mozaika gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Mozaika sungatynyň “Sygan gyzy” atly ajaýyp eseri dünýäniň ähli künjeginde diýen ýaly tanalýar. Sygan gyzynyň mozaika şekili gazintepdäki “Zeugma” mozaika muzeýiniň nyşany bolup durýar. Bu deňi-taýy bolmadyk panno üçin muzeýde ýörite goragly ýer göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle hem Türkmenistanly myhmanlar ýerli bazarlara baryp gördüler. Şanlyurfanyň we Gaziantepiň aşhanasynyň tagamlaryny dadyp gördüler. Olaryň meşhur tagamlarynyň hatarynda beýran çorbasy, antep lahmajuny, içli köfte, bostana işdäaçary semsek, şyllyk ýaly tagamlar bar.
Şanlyurfada şäheriň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Syýahata gatnaşanlar Türkiýäniň taryhy bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çäräni guraýjylara hoşallyk bildirýärler.