13.06.2021 ý. Aşgabat:
tk ru en

"Türkmenhowaýollary" agentligniň Merkezi edarasynda aşakda görkezilen boş wezipelerine edilýän hünär talaplary

 

Esasy uçarman-inspektor – kwalifikasion maglumathanasyna laýyklykda (aýratyn ýagdaýlarda orta hünär okuw bilimlä rugsat berilýär) ýokary bilimli bolmaly.

Baş hünärmen (Iňlis dili boýunça ekzmenator) – raýat awiasiýa halkara guramasynyň ICAO-nyň iňlis dili boýunça bildirilýän talaplarynyň esasynda sertifikatlaşdyrylan awiasiýa okuw jaýlaryň ýörite taýýarlygy we inspektoryň ilkibaşlangyç okuwyny geçen we iňlis dili boýunça ýokary bilimli, iş tejribesi boýunça 5 ýyldan az bolmadyk şahslardan bellenilýär.

Esasy hünärmen – ýokary bilimli, ýagny aýratyn niýetlenen raýat awiasiýasynyň ýokary okuw jaýyny tamamlan ýa-da ykdysadyýet, hukuk, halkara gatnaşyklar boýunça ýokary bilimli we Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda iş tejribesi 3 ýyldan az bolmadyk adam bellenilýär.

Baş hünärmen – Tehniki ýa-da gurluşyk hünäri boýunça ýokary bilimli we düýpli gurluşyk ugrundan azyndan 3 ýyl iş tejeribesi bolmaly.

Esasy inžener - inspektor (awiasiýa howpsuzlygy boýunça) – Ýokary bilimli,  iş stažy raýat awiasiýasynda 3 ýyldan az bolmadyk ýa-da orta hünär bilimli raýat awiasiýasynda iş stažy 5 ýyldan az bolmadyk we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk eden bolmaly.

Töwerek çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça işçi – Iş aýratynlygyny göz öňünde tutup gürrüňdeşlik esasynda.

Ýangyn howpsuzlygy boýunça tehnik – Ýangyn howpsuzlygy ugry boýunça degişli resminamalary we iş stažy bolmaly.

Elektrik – Türkmenistanyň degişli edaralaryndan elektrik ugry boýunça degişli rugsatnamasy we iş stažy bolmaly.