Işe kabul ediliş tertibi

«Türkmenhowaýollary» agentligniň Merkezi edarasyna işe kabul ediljek dalaşgär Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 25-nji maddasyna laýyklykda kabul edilýär we aşakdaky resminamalar talap edilýär:

    1. Türkmenistanyň raýatynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany (pasport ýa-da onuň ornuny tutýan başga resminama, on alty ýaşa çenli ýaşdaky adamlar üçin dogluş hakyndaky şahadatnama);

    2. Harby borçlular we harby gulluga çagyrylmaga degişli adamlar üçin harby hasabyň resminamasyny;

    3. Zähmet şertnamasyny ilkinji gezek baglaşýan ýa-da esasy işi bilen utgaşykly işe girýän işgärden başgasy zähmet depderçesini;

    4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite bilimi ýa-da ýörite taýýarlygy talap edýän iş üçin bilim hakyndaky, hünär ýa-da ýörite bilimleriň bardygy hakyndaky diplomy ýa-da başga resminamany;

    5. Saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk netijenamasy we eger olaryň görkezilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa işe gatnaşygy bolan gaýry ýagdaýlary tassyklamak hakynda beýleki resminamalar.

 

Aýry-aýry halatlarda işiň aýratynlygyny hasaba almak bilen işe kabul edilende goşmaça resminamalary görkezmegiň zerurlygy göz öňünde tutulyp bilner.

Boş iş ornuna ähli talap edilýän resminamalaryň bar ýagdaýynda, edaranyň degişli hünärmenleri bilen geçirilen gürrüňdeşliginiň esasynda işe kabul edilýär.

 

Goşmaça maglumat üçin  44-32-47; 44-30-91  telefon belgilere ýüzlenip bilersiňiz.

Şeýle hem