Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylyň başyndan bäri ösmegini dowam edýär

Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda durnukly ösmegini dowam edýär. HHR-iň Döwlet statistika gullugynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin makrohasabatlylygy muny subut edýär diýip, Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy CGTN habar berýär.

Şeýlelikde, hasabat döwründe senagat önümçiligi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 7% ösüşe eýe boldy.

Senagat önümçiliginiň ösüşi halkara söwdasyndaky işjeňlik bilen goldanyldy. Hususan-da, eksport 10,3%, import bolsa 6,7% artdy. Iki aýyň jemleri boýunça HHR-iň oňyn daşary söwda girdejisi 891 milliard ýuan boldy.

Önümçilikde telekeçilikden garaşylýan netijeleriň görkezijisi 54,2 derejesinde boldy.

Hyzmatlar pudagynda hem gowy netijeler gazanyldy. Hyzmatlar pudagy iki aýyň dowamynda 5,8% ösdi.

Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly onlaýn arzanladyşlar onlaýn bölek satuwlaryň 14,4 göterime çenli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Hyzmatlar pudagynda telekeçilikden garaşylýan netijeleriň görkezijisi önümçilik pudagyndakydan hem has ýokary bolup, 58,1 derejesine çykdy.

Esasy gaznalara maýa goýumlarynda hem ösüş hasaba alyndy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,2% artdy. Infrastruktura maýa goýumlar 6,3%, önümçilige maýa goýumlar bolsa 9,4% ýokarlandy.

Oňyn makroykdysady statistikany göz öňünde tutmak bilen, hünärmenler birinji çärýegiň netijeleri boýunça HHR-niň jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 5,4 göterime ýetjekdigine ynanýarlar.

Maglumat çeşmesi: orient.tm

Şeýle hem