5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly goňşy döwletiň Prezidenti mähirli salamlaşyp, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de mübärek günlerde beriljek sadakalaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Bellenilişi ýaly, taryhy we medeni umumylyklary bolan iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar müňlerçe ýyllara uzap gidýär.
Söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.