Şu ýylyň 5 aýy boýunça “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 120,5 göterime deň boldy

Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 103,4; ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň bäş aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 104,6; “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110; “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120,5; “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,4; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 120,8 göterime deň boldy.

Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, halkara ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, olary mundan beýläk-de işjeň ösdürmegiň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem