Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy

Dubaýyň Hökümeti özüniň täze nyşany bilen tanyşdyrdy. Bu nyşan emirligiň Dubaýy “geljegiň şäherine” öwürmek maksady bilen, alyp barýan ösüş ýoluny alamatlandyrýar.

Täze nyşan Dubaýyň mirasdüşer şazadasy şeýh Hamdan bin Mohammed bin Raşid Al Maktumyň başlyklyk etmeginde geçen Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde tanyşdyryldy.

“Biz Dubaýyň ozalky nyşanyny täzeledik we ony Dubaýyň Hökümeti üçin täze nyşan hökmünde kabul etdik” diýip ol belledi.

Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşi täze nyşany ornaşdyrmaga jogapkärli edara bolup durýar. Döwlet düzümlerine täze nyşany ornaşdyrmak üçin 6 aýlyk geçiş möhleti berildi.

Täze nyşanda Laçynyň (Ol hakykaty we mertebäni alamatlandyrýar) hem-de sahylygyň we myhmansöýerligiň nyşany bolan Palma agajynyň şekili bar.

Şeýle hem nyşanda baýdak we çeýeligiň, ezberligiň, birek-birege hormat goýmagyň we ylalaşykda ýaşamagyň milli nyşany hökmünde Gaf ýapraklary ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde jemi 40 milliard dirhemlik 2024-2026-njy ýyllar üçin döwlet- hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň Dubaý maksatnamasy kabul edildi. Mundan başga-da, mirasdüşer şazada emirligiň “Elýeterli ýaşaýyş jaýy” syýasatyny hem-de 100 sany tehnologik kärhanalary işiniň ilkinji tapgyrynda goldamaga niýetlenen ýörüte taslamasyny makullady.

Çeşmes: orient.tm

Şeýle hem