Türkmenistan raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde raýat awiasiýasy pudagynda hünärmenleri taýýarlamak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmet Akmämmedow bu ugurda ýerine ýetirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda halkara talaplara laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle hem Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) degişli maksatnamalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça okuw maksatnamalary durmuşa geçirilip, raýat awiasiýasy ulgamynda işleýän işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça çäreler geçirilýär. Bu işlerde halkara guramalar we öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şeýle çemeleşme ICAO-nyň standartlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň awiasiýa pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga we olaryň tejribesini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli awiasiýa pudagynyň işini kämilleşdirmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem