Aşgabat Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk işlerini dowam etdirýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 27-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow paýtagtymyzda baýramçylyk mynasybetli geçirilýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabadyň medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynda, seýilgählerinde abatlaýyş, abadanlaşdyryş hem-de bezeg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem şäheriň dürli künjeklerinde agaç nahallaryny, bezeg güllerini ekmek, ýaşyl zolaklary giňeltmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp, paýtagtyň şaýollaryny we köçelerini baýramçylyk ruhunda bezemek boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem