Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 24–26-njy noýabrynda ulag-logistika ulgamynyň geljegine bagyşlanan iri halkara forumlaryň biri — V Halkara konferensiýa we sergi «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC 2026) geçiriler. Şeýle-de bu günlerde «Türkmentel — 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat hem guralar. Ulag geçelgelerini, sanly infrastrukturany, logistika hyzmatlaryny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, ulag-logistika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň hem-de pudaklaýyn bilermenleriň wekillerini bir ýere jemlär.
ITTC 2026 halkara ulag ulgamynyň häzirki ösüş meýillerini, geljekki mümkinçiliklerini we täzeçil çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüler. Aşgabat forumy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny öňe sürmekde, ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmakda, halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmekde hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde Türkmenistan köpşahaly halkara ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegi durnukly ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyz ulag infrastrukturasynyň diňe bir ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolman, eýsem, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertleriniň biridigine aýratyn üns berýär. Hususan-da, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä bazarlaryna, önümçilik we söwda zynjyrlaryna netijeli goşulyşmagy üçin elýeterli, howpsuz we döwrebap ulag ulgamyny döretmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň ulag strategiýasy Ýewraziýanyň möhüm çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geografik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga esaslanýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen umumy sapagynda belläp geçişi ýaly, Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ykdysady ýakynlaşmaga hyzmat edýän möhüm ulag merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» konsepsiýasy bolsa häzirki zaman halkara ulag geçelgelerini döretmegiň we döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, täze demir we awtomobil ýollaryny, logistika merkezlerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara gatnawlary giňeltmek Türkmenistanyň ulag syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň çäklerinde durnukly ulag ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnama hem-de 2026–2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly başlangyç aýratyn ähmiýete eýedir. Bu başlangyçlar halkara ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, howpsuz we ekologiýa taýdan durnukly ulag ulgamlaryny döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan häzirki wagtda Ýewraziýa giňişligindäki esasy üstaşyr-logistika merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny berkitmek bilen, iri sebitleýin we halkara taslamalara işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyzyň halkara duşuşyklardaky çykyşlarynda hem ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, multimodal geçelgeleri döretmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we logistika amallaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Ulag ulgamynda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem Türkmenistanyň strategiýasynyň möhüm bölegidir. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly maliýe institutlary bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalar ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, täze mümkinçilikleri döretmäge we halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
Soňky döwürde Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň ulanmaga berilmegi, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzyň ulag kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň mysallarydyr. Bu taslamalar halkara ýük daşamalarynyň gerimini giňeltmäge, sebitleýin söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we ulag howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» (ITTC 2026) halkara konferensiýasy Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň täze tapgyryny görkezýän möhüm wakalaryň biri bolar. Forumyň çäklerinde hödürlenjek täze başlangyçlar we taslamalar dünýä ulag ulgamynyň durnukly ösüşine, döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegine hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara arabaglanyşygyň has-da pugtalandyrylmagyna goşant goşar.