Yslamabatda YHG-nyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar

15-nji noýabrda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi öz işine başlady. Bu duşuşyk YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, gatnaşyjy döwletleriň wekilleri YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Gatnaşyjylaryň üns merkezinde Guramanyň sekretariatynyň we pudaklaýyn düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlar, şeýle hem sebitiň uzak möhletleýin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän strategik resminamalar durýar.

Mejlisiň esasy maksady Yslamabat jemleýji komýunikesiniň taslamasyny we beýleki resminamalary jikme-jik işlemekden, ylalaşmakdan we taýýarlamakdan ybaratdyr. Olar YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň ertesi gün geçiriljek mejlisinde garalyp, tassyklanylar.

Türkmen tarapy ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşyp, konstruktiw dialogyň pugtalandyrylmagyna we YHG-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýar.

Şeýle hem