Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň deňiz we derýa ulaglary pudagyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ulag-aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellendi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer Batyr Annaýew pudagyň tehniki mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýüzýän milli we daşary ýurt gämilerine bökdençsiz hyzmat etmek maksady bilen, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämileri diňe bir gurmak we abatlamak däl, eýsem, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan gözegçilikde saklamak hyzmatlary hem ýola goýuldy.
Şundan soň mejlisde guramaçylyk meselesine seredildi. Döwlet Baştutany başga işe geçmegi sebäpli B.Annaýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Bu wezipä ozal demir ýol ulaglary ministri bolup işlän Mämmet Akmämmedow bellendi. Täze wise-premýer bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ähli gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy. Döwlet Baştutany oňa täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.