Türkmenistanyň Prezidenti V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara gutlag ýollady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň açylmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz halkara medeni çärä gatnaşýan daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň teatr toparlaryna döredijilik üstünliklerini, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanjak täsirli çykyşlary arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty arkaly dostlukly döwletler bilen medeni hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Ýurtda parahatçylygy, dost-doganlygy we ynsanperwer gymmatlyklary dabaralandyrýan halkara çäreleriň yzygiderli geçirilýändigi, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Gutlagda bellenilişi ýaly, medeni diplomatiýa dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm serişdesidir. Türkmenistanda bäşinji gezek geçirilýän halkara teatr festiwaly hem medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, döredijilik toparlarynyň arasynda tejribe alyşmaga we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegine hyzmat edýär.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu medeni çäre dostlukly ýurtlaryň teatr sungatynyň wekillerini bir döredijilik giňişliginde jemläp, halkara medeni hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz teatr sungatynyň halklaryň ruhy-medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orna eýedigini nygtady. Teatr sahnalarynda parahatçylygy, agzybirligi, ynsanperwerligi we milli gymmatlyklary wasp edýän eserleriň görkezilmegi halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar.

Gutlagda Türkmenistanda teatr sungatyny ösdürmäge, döredijilik toparlarynyň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigi hem bellenilýär. Ýurdumyzda teatr toparlarynyň halkara festiwallara işjeň gatnaşyp, abraýly baýraklara eýe bolýandyklary, halkara hyzmatdaşlygyň bolsa sungat işgärleriniň tejribe alyşmagyna giň mümkinçilik döredýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz teatr sungatynyň ynsan ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, gözelligi, dostlugy we umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän özboluşly sungat görnüşidigini belledi. Türkmen teatr sungatynyň taryhy däplerden ugur alyp, häzirki zaman sahna medeniýetiniň we hünär ussatlygynyň täze sepgitlerine ýetýändigi aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň çäklerinde görkeziljek sahna eserleriniň ýokary döredijilik derejesini görkezjekdigine we tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem