Türkmenistanyň Mejlisinde ýylyň on aýynda kanunçylyk ulgamynda möhüm işler ýerine ýetirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlary boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garady. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň hasabat döwründe alyp baran işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň ilkinji on aýynda Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyryldy.

Şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak maksady bilen döredilen «Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy bilen bagly kanunçylyk namalary bar.

Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynda senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy hem-de suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Mejlisinde daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 8-siniň ynanç hatlary kabul edildi. Mundan başga-da, dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan 48 duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlykda halkara guramalar tarapyndan guralan 105 okuw maslahatyna gatnaşmak bilen, kanunçylyk we hukuk ulgamyndaky tejribe alyşmak boýunça işler dowam etdirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara 24 iş sapary amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem