Türkmenistanyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş depgini saklanýar: jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ilkinji on aýyndaky netijelerine garady. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri boýunça hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli ykdysadyýetde durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterime deň boldy. Ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda hem oňyn ösüş görkezijileri gazanyldy. Hususan-da, senagat pudagynda önümçiligiň ösüşi 3,8 göterim, gurluşyk ulgamynda 6,8 göterim, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwda ulgamynda 8,6 göterim, oba hojalygynda 1,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,5 göterim boldy.

Şu ýylyň ilkinji on aýynda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň netijeli ulanylmagy netijesinde jemi öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10 göterim artdy. Bu görkeziji ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçilik işjeňliginiň ýokarlanandygyny görkezýär.

Hasabat döwründe içerki sarp ediş bazarynyň ösüşi hem dowam etdi. Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,5 göterim ýokarlandy. Bu netijeler ýurdumyzyň ykdysady gatnaşyklarynyň giňelýändigini we bazar işjeňliginiň artýandygyny görkezýär.

Maliýe ulgamynda hem bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegi üpjün edildi. 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň netijeleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Şol döwürde býujetden maliýeleşdirilýän edaralarda we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda işgärleriň zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem öz netijesini berdi. Ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,3 göterim artdy. Şeýle hem «Oba milli maksatnamasynyň» çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyrylan işler, şol sanda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygy barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, maliýe we bank ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak hem-de pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegini dowam etdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüş depginlerini berkitmäge, maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge we meýilleşdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem