23-nji oktýabrda Türkmenistanda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Sergide Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän eksport ugurly önümler bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Serginiň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli önümçilik toplumlarynda ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini we daşary ýurtlara giňden eksport edilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynda geçiriljek halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi