Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyzyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da dabaralanýan şanly ýylynda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.

Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyza halkymyzyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň bir bölegi hökmünde milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Gutlagda behişdi ahalteke bedewleri, nepis halylary bilen bir hatarda, edermen türkmen alabaýynyň halkymyzyň taryhyny, ruhy dünýäsini, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini açyp görkezýän milli gymmatlykdygy nygtalýar. Altyndepede, Goňurdepede, Nusaýda, Jeýtunda, Pessejikdepede, Şähryslamda we beýleki taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan it şekilleri ata-babalarymyzyň bu jandara gadymy döwürlerden bäri aýratyn sarpa goýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Gutlagda aýdylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halk seçgiçiliginiň baý tejribesi esasynda kemala getirilen bu naýbaşy it tohumyny gorap saklamak, onuň arassa ganlylygyny üpjün etmek hem-de geljek nesillere asyl durkunda ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler has-da giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdaryň itşynaslygyň özboluşly däplerini gaýtadan dikeltmäge, gorap saklamaga, bu tohumy geljekde has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Gutlagda nygtalyşy ýaly, milli senenamamyzda türkmen alabaýynyň hormatyna baýramyň döredilmegi, onuň çäginde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, sergilerdir maslahatlaryň guralmagy, alabaýlaryň seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, olara tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde uly hyzmatlary bitiren itşynaslara hormatly atlaryň dakylmagy bu ugurda döwlet derejesindäki tagallalary dabaralandyrýar. Ýurdumyzda ýöriteleşdirilen merkezleriň açylmagy, tohumçylyk işleriniň kämilleşdirilmegi, weterinariýa hyzmatlarynyň ösdürilmegi hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işi arkaly halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arassa ganly alabaýlary kemala getirmek boýunça mümkinçilikleri has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyzyň Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygy baradaky sözlerini ýatlatdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, täze taryhy döwürde türkmen alabaýynyň halkara derejede ykrar edilmegi halkymyzyň milli buýsanjyny has-da belende göterýär. Gutlagda bellenilişi ýaly, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň baý seçgiçilik tejribesiniň, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek däpleriniň we olara bolan aýratyn garaýşynyň gymmatly miras hökmünde ählumumy ykrarnama eýedigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz halk seçgiçiliginiň we häzirki zaman ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly alabaýlary ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini mundan beýläk-de gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Gutlagda aýdylyşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen alabaýynyň baýramy özboluşly mazmuna eýe bolýar.

Gutlagyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we oňa janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň has-da belent bolmagyny, şeýle hem alabaýlarymyzy ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek ugrundaky tagallalarynda rowaçlyklary arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

 

Şeýle hem