Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyry “Aşgabadyň” we “Merwiň” oýny bilen tamamlanar

Şu gün geçirilmegi meýilleşdirilýän “Aşgabat” we “Merw” toparlarynyň arasyndaky duşuşykdan soň, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyr oýunlary tamamlanar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Düýn “Arkadag” we “Nebitçi” toparlarynyň arasynda geçirilen oýun Türkmenistanyň geçen ýylky çempion toparynyň bähbidine uly hasap bilen tamamlandy. “Arkadag” topary garşydaşlaryna hiç-hili jogap pökgi berdirmän 5:0 hasabynda ýeňmegi başardy. 3-nji tapgyryň oýunlarynyň çäklerinde “Şagadam” bilen “Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bir gol bilen soňky toparyň hasabyna tamamlandy.

“Köpetdag” bilen “Energetigiň” arasyndaky duşuşyk deňme-deň 1:1 hasabynda tamamlandy.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem