Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda dowam edýän oba hojalyk işlerine baha berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 23-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini hem-de bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem