Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum banky Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirer

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr.

Taraplar görkezilen ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem