Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Siziň Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetine ýolbaşçylyk etmegiňizde ýurduňyzyň syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda ösjekdigine, halkara giňişlikde at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Biz dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri dowam etdireris” diýlip, hatda bellenilýär.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.