Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.
Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkynyň öňe gitmeginiň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.