Türkmenistan Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär

Ulag baglanyşygy babatda hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy kemala getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda belledi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu ulgamda hyzmatdaşlyk ozal bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze, çalşyp bolmajak çemeleşmelere gönükdirilip bilner.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu tagallalar düýpli syýasy-diplomatik ýardamy, Birleşen Milletler Guramasy derejesinde goldanylmagyny we çözgütleriň kabul edilmegini talap edýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ulag durnuklylygy hem-de bu ugurda özara gatnaşyklar meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde öňe sürlüp, biragyzdan goldaw tapýan başlangyçlarynda beýan edilendir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri agza döwletleri diňe bir goldaw bermek bilen çäklenmän, degişli Kararnamalaryň düzgünleriniň kanunlaşdyrylmagyny gazanmaga, olarda görkezilen täzeçe pikirleriň we hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň iş ýüzünde ulanylmagyny ilerletmäge çagyrdy.

Şeýle hem